Surat

Aldanan il

Aldanan il, talanan il,
ezilen il onlarça ýyl,
sada ýaly görünse-de,
görünse-de gorkak ýaly,
galam alyp, içi aglap,
goşgy ýazmaz biz mysaly,
hak-hukugyn almak üçin,
düşüner ol, dogulmady
garyp-gasar galmak üçin...

Türmeleri gören millet,
gören millet sürgünligi,
açlyk näme, ýa aýralyk,
ölüm näme, bilen millet,
diri galyp, ölen millet,
sorar bir gün söz hakyny,
besdir diýer sütem, minnet.

Yzda çagaň aglap galsa,
eneň, ataň garyp ölse,
mazaryna gumuň ýetmän,
ýaşamakmy ýaşan bolmak,
ýa gerekmi ýerden galmak,
ogurlandan hakyň almak?..

Aldanan il, talanan il,
alar gerek sapagyny,
öý işini eder bir gün,
biler näme etmelisin,
goşgy ýazmaz, ýazmaz kyssa,
ýa biz ýaly çekmez gussa,
wagty geler, düşüner ol,
biler nirä gitmelisin,
saklap bolmaz ili ýapyp,
gapylary, açyk diýip,
aldanan il, talanan il,
ölmez baky gaçyp iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024