Petik ýoly
Müň ýoly bar halka kömek etmegiň,
elinden tutmagyň ýykylan iliň,
üýtgetmegiň durmuşyny kem-kemden,
ýöne ýol däl ony bölmek, küşgürmek
bir-birine, meniňki ýa seniňki,
ol o tarap, bu bu tarap, tagmalap,
ony diýme, muny diýme, şuny diý,
ýogsa obaň oda berjek ýagmalap...
Müň ýoly bar ile kömek etmegiň,
hiç bir galyp, hiç bir gandal gowy däl,
gowulyk ýok gözüň açman gitmekde,
dag ýolundan, çöl ýolundan, hatarly,
töhmet atmak, şyltak atmak çykalga,
düz ýoluna getirmeýär, saklaýar,
alyp galýar duşman edip petikde,
alyp gaçýar yza, geçen asyrda,
ýa ondan öň bolan ýerine ili,
müň ýoly bar kömek etmegiň halka,
bir ýoly bar onuň bükmegiň bilin,
şu günki ýol, bölmek ili sag, çepe,
tekge berip nirede boş, güp-güpe.