Meniň atam
Meniň atam, Annagurban taýakly,
çopan bolan boşap gelip türmeden,
37-iň, Staliniň pidasy,
kolhoza, talaňa garşy bolanmyş,
atyn alyp, goşupdyrlar paýtuna,
arçyn diýlen gatnar ýaly işine,
diýmek, meniň üç arkamda terrora,
ýalanyna döwlet diýlen garakçyň
garşy duran, ýa-da durar öýdülen,
öňem bolan, soňra harmanda sakçy,
uruşdan soň, açlyk döwri iň halal,
tämiz diýip ynanylan, sylanan,
meniň atam, Annagurban taýakly,
ilkinji däl, iň soňky däl, dürs bolup,
dogry ýaşap, ters döwürde gynalan.