Tragiki komediýa
Täzeden bir jaý salmasam bolmady,
Sapar aldy öňki jaýym, betondy,
ýa hökümet garyp düşüp, satyndy,
öňki ýerim, Berzeňňide bag eken,
sekiz sotuk bary-ýogy, aldylar,
täzeden bir ýer almasam bolmady,
şükür, bärde tanyş-biliş gerek däl,
banka baryp, pul sorasaň, berýärler,
soň üzmeseň, jaýyň, ýeriň bermeli,
bahasy-da galýar iki, üç ýyldan,
diýmek, aralykdan görýärsiň peýda,
zyýanyň ýok, gazanjyň bar her halda,
täzeden bir jaý salmasam bolmady,
öňki jaýym biraz kiçi, kitaply,
iş stolly aýratyn ýer arzuwym,
ýazar ýaly, işlär ýaly arkaýyn,
arasynda dynç almaga, ýüzmäge
howuzy-da bolsa, artykmaç bolmaz,
gapdalynda saunasy, hammamy,
täzeden bir jaý salmasam bolmady.
O ýyl biri iki sany jaý saldy,
ozalky baý, indi bosgun, biz ýaly,
o bir ýurtdan, günde agşam jaň edip,
öwünýärdi, çüwen ýaly ykbaly,
ýa suratyn, wideosyn iberip,
görkezýärdi jaýlaryny, owadan,
taýy ýokmuş golaý-goltum obada.
Soň düşündim, satjak bolýan ekeni,
hapa pulun suwa düşürjek, ýuwjak
žunalistiň arkasyndan, daşda däl,
ogullaryň alsyn diýýär, soň bular,
iki esse, üç-dört esse gymmatlar,
satynsalar, peýda görerler uly,
işleri bar, aýlyklary ganymat,
banka baryp, aňsat alarlar puly,
gürleş diýýär, men bähbidim aramok,
seniň bähbidiňi pikir edýärin,
aljaklar kän bolar gurup gutarsam,
men bu ýerden uzak galman gidýärin...
Jaý suraty, wideosy soň-soňam
geldi durdy, dowam etdi boş gürrüň,
bir gün diýdi: Içi ýandy milletiň,
gelmişekler salýar diýip uly jaý,
almadylar, kiçijikmiş bu oba,
pul ýokmuşyn adamlarda ýeterlik,
otel etdim ikisinem, gül ýaly,
içlerine düşäp owadan haly...
Tüweleme diýdim, göwni galmasyn,
jaý keseli, haly keseli uly,
görýärdim, bilýärdim, haýran galýardym,
jaý saldyryp melleginde ullakan,
için bezäp, goýýardylar adamlar,
myhman gelse görkezmäge, diýmäge,
jaýymyz bar, içi mebelden doly,
bir diwary kitap käte durşuna,
soň gapdalda, hütdük jaýda dyknyşyp,
çaý içmeli, dönüp erän gurşuna.
Ara uzak salym, sagat düşmedi,
ozalky baý, jaý saldyran üýtgeşik,
zerli gämisinde gören dek deşik,
birden gazap bilen çöwjäp başlady,
onuň, munuň jaýy barmyş iki, üç,
ýetjek dälmiş aýlyklaryn sanasaň,
diýmek, iki, üç döwlete işleýär,
o birisi haram iýýär o ýerde,
bu birisi agyz urman dişleýär...
Derejemiş şäher gurmak ullakan,
haňlap ýatan jaýly, içi adamsyz,
goşgy ýazmak boldy ýapylan dükan,
täze, uly jaý salmasam bolmady.