Dünýä seret
Käte durup, geçmişiňe
daş zyňýan dek, ýadaýarsyň,
ýadaýarsyň käte gaty,
gelejege daş zyňýan dek,
Artyk ýaly, alnan aty...
Soň diýýärsiň: Seret, oglan,
geçmiş seniň daşyň üçin
nehä ynjar, ne-de aglar,
geljek seniň daşyň üçin,
galkan tutmaz öňün baglap,
ýöne boljak – öz-özüňe,
ürküzersiň saglygyňy,
gorkuzarsyň şu günüňi,
ýagtylygyň, güneşiňi,
güýç-kuwwatyň, söze bagly,
ýitrersiň daşyň bilen,
dünýä seret, owadan sen,
gözüň bilen, gaşyň bilen.