Sen we eneň

Maňa ylham beren sözler,
maňa ylham beren sazlar
boldy, bolar ýene, bilýän,
iň esasy okamaly,
iň esasy diňlemeli,
galjak ýaly baky, ölmän,
wagt tapmaly söze, saza,
goşgulara, köp owaza,
berip özüň, gysganmazdan,
oklan ýaly ýyly deňze,
gyşdan çykan üşäp uzak,
sen özüňe bolman duzak,
kelte pikir, dar köwüşli,
gözi gamly, göwni gamly,
oglan bolman, ulalmaly,
ýaşaýyş däl, dirilik däl,
baýdak bolsaň bulalmaly,
o birine, bu birine,
soňra zyňylmaly çöpe,
gutransoň çäre, çepe,
saga çekýän döwlet seni
gereklejek haçan ýene,
emdirdimi, üwredimi
jellat üçin seni eneň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024