Zäherli döwlet
Döwlet, awy, zäher bolan il üçin,
gün, güzeran bökdençligin, böwedin
halamasaň, günüleseň, dälirär,
ýöne saňa däli diýer, diýdirer,
satlyk kändir döwlet alyjy bolsa,
ýarym litr arak üçin satylan,
ýazyjy, şahyrlar näletlär seni,
döwlet baýraklaryn, sylagyn alan,
bar buýsanjy wezipesi, medally
açgöz kändir, görmez iliň derdini,
olar öňem, ýüzlerçe ýyl kän boldy,
köpläp aldy il-ulusyň merdini.