Çukurçy
Döwlet seni ejiz görüp,
ysnat diýip ýigrenmeýär,
ýok etmeýär hapa görüp,
ýok, tersine, güýçli görüp,
görüp, belki, arassa has,
gorkusyndan ýigrenýär ol,
ýigrenýär ol utanjyndan,
töhmet atýar şonuň üçin,
bogýar, sesiň çykmaz ýaly,
açmaz ýaly ýüzün onuň,
çyn bolansoň ýigrenýär ol,
ýalan diýip ýigrenmeýär,
sözleriňi, ýazanlaryň,
bu gylygy öňden ähli
ile çukur gazanlaryň.