Ýalňyşyňy gaýtalama

Sen hiç haçan gürrüň berme,
gaýtalama bu ýalňyşyň,
ýeňileniň kyn söweşde,
deň bolmadyk, ýeke bolup,
ýeňlen wagty ulus-iliň,
gülki bolan wagty dünýä,
başyn egip kagyz pile...

Begenjekmi, gynanjakmy,
düşünjekmi ykbalyňa,
beýik bolsun, bolsun ownuk,
kimdigini bilip, bilmän,
golaýyňa gelip, gelmän,
daş sypatyn görüp çala,
için görmän, güman etmän,
ýüregiňe osup diňe,
sen hiç haçan gürrüň berme,
özüň öwjek bolýan ýaly,
döwjek bolýan ili,
bolup bilse özüňçe bar,
ýa has aşak, ýykylanyň
daşdan gören, ýöne diňe
öz gözünden bakýan dünýä,
gaýtalama ýalňyşyňy,
sapak berme duşmanyňa,
içindäki ýigrenjini,
gazabyny görmän bukan,
yzda galan däldir diňe,
öňüňde-de kändir kakan,
kakjak iliň aýagyna,
bir däl, iki ýaly kelläň,
tutma tentek taýagyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024