Eziji we biz

Biz ezijä diňe garşy durmarys,
basyp alan basyp alsyn ýene-de,
ursun, gyrsyn, ata-babamyz ýaly,
ýesir etsin bizi, ýeňiji bolup,
täze ýazan taryhyny okatsyn,
unudaly dilimizi diýmeris,
iýmeris oň bize satan wagzyny,
agyz bolup TW-sine ullakan,
ylgap alyp aragyny, tirýegin,
geroinin arzan etse çilimden,
gul bolmarys nebsimize öňki dek,
ýok diýeris, gördük ozal baryny,
güleris biz, aglamarys, Moskwa
orden, medal berip alanda satyn,
utanarys satylanyň ýerine,
alajym ýok diýse, ýolbaşçy bolup,
gynanarys şermendäniň şerine,
ýöne öňki ýaly dymmarys agyr,
çünki biziň aslymyz bar ozaldan,
sazymyz bar, sözümiz bar, manysyn
bilýäris biz bolan zadyň, ertekiň,
balykçy we altyn balyk ýa şalyk
oýny bizi indi güýmemez artyk,
biz ezijä, goý, kim bolsun, pagtasy,
çaňňalagy üçin bolmarys partyk.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024