Açlyk eýýamy
Köçedäki it-pişik aç,
hökümetiň baş duşmany,
awy berip, zäher berip,
ýa-da berip depesine,
öldürýäniň ýok puşmany...
Adamlar aç, mallaram aç,
tussaglar aç bendilikde,
yzlaryndan gelse azyk,
ogurladyp bir bölegin,
bir bölegin para berip,
goşunam aç, esger ogul
gözün dikýär gelýän otla,
ýa bikanun taksilere,
ejesinden bir saçak nan,
ýa bir halta ýeralmasy
gelmezmikä diýip günde,
işçiler aç, mugallym aç,
okuwçylar, studentem,
Allaň özi bolsun hemdem.
Ýazyjy aç, şahyrlar aç,
žurnalist aç, dokluk diýýän,
a sahnada gülki, şatlyk,
aç artistler, aşyk bagşy,
köşk yşkyndan ýanyp-köýýän,
şowhun edýär öwüp hany,
iň beteri – hökümet aç,
ýyksaň, ýere degmez ýany.