8-nji Mart goşgusy

Bu gün, belki, aýratyn gün biz üçin,
ejemizi gutlamaly ozaly,
soň gyzymyz, aýalymyz, uýalar,
aýal dogan, gelnejeler, daýzalar,
eneler, eneler, ýene eneler,
bizi dünýä, ýagty güne ýetiren,
sallançakda üwräp, elinden goýman,
hassa bolsak, uzak gije oturan,
başujymyz alyp, alada galyp,
emma biz kim bolduk, nirede galdyk,
gollarymyz bagly, bagly dilimiz,
ezilen naçarlar, haksyz, hukuksyz,
gözlerini ýola dikip garrady,
gözlerini ýola dikip ýogaldy...

Bu gün, belki, aýratyn gün biz üçin,
ýöne ene üçin, ýolagçy, gitjek,
ýetim goýjak seni, aglatjak bir gün,
ak girse-de saçlaryňa, gaşyňa,
gelnejeler üçin, daýzalar üçin,
ýa gelinler, gyzlar üçin, nurana
ýürekleri bilen ýyladan ýurdy,
birisi däl, ikisi däl, ählisi,
ojaklary saklan, saklan watany,
halallygyň, dogrulygyň ýarany,
her gümümiz dälmi biziň aýratyn,
biz näme üçin bir gün sylap olary,
başga günler çapyp gedemlik atyn,
erkek bolan bolup, galmaly daşda,
ýa ýürekde kemçilik bar, bilmedim,
ýa-da akyl-huşy gaçyrdyk başdan?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024