Göwünlik

Sen bir düzüw adam bolsaň,
Dürs saýýan bolsaň özüň,
Ynanýan bolsaň ýürekden
Gowulyga, päklige,
Halallyga, aýdylýan,
Haka gulluk etmäge,
Halka gulluk etmäge,
Hemem haka gulluk diýip,
Halka gulluk diýip ilki,
Özüň üçin ylgamasaň,
Etek alty, ýeň ýedi,
Etme kimsä minneti.

Sen bir düzüw adam bolsaň,
Satylmasaň pula, mala,
Ejiz bolmasaň nebsiňe,
Gara ýele döş gerip,
Süýşjek bolsaň her gün öňe,
Ilki ýakyndan, soň daşdan
Satsalar gynanma gaty,
Satylyp satmazlyk, bilseň,
Bolarmyş gowyň kysmaty.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024