Meniň işim
Ýüregimde beslän, çyndan
ýazmak islän sözlerimi
ýazýarynmy ýa-da iller
näme diýer diýip ýazýan,
bozýan özüm ýazanlarym,
öz içimde oturan dek
senzuraçy, ýazýanlary
duşmany dek ýek ýigrenýän,
döwlet bilen pyşyrdaşyp,
o biriniň o setirin,
bu biriniň bu setirin,
bozup bilse, üýtgetdirse,
guşy uçýan, begenýän...
Bu soragy sorap telim,
ýetmese-de asla elim,
başyn jemlän işlerime
göz aýlajak boldum, ýöne
başarmadym bu işi men,
diýdim kazy bolsun başga,
meniň işim ýazmak diňe,
gelenleri, sorag etmän,
ýa ürküzmän, bakyp siňe.