Ýurt gämisi
Gämiň bolsa, gerek hemmä,
gitjek ýetik gezelenje,
derýa aşyp, deňiz aşyp,
balyk tutjak, seýran etjek,
çagalary, dost-ýar bilen,
hemme bilýär ertir ötjek,
ýaşamaly iki gün ak
arzuwlara suwa düşüp,
ýer sermenip geçmän diňe,
Alla beren bolsa üşük,
emma ýatda sakla mydam,
bar her hili içi höçjet,
bar islegi, bar arzuwy
kapitanlyk, şol bolmasa,
gämiň deşip, bile batjak,
heläk etjek ili, özün,
şondan biri aýdypdyr öň:
gämiň bolsa, aç sen gözüň,
seret, tana adamlary,
ýogsa gara bolar ýüzüň.