Gökde hudaý, ýerde adam

Gökde hudaý, görýär diýip bar zady,
bilýär diýip näme etseň, etmeseň,
hatda okap gelip, geçen pikiriň,
gorkuzdylar müňlerçe ýyl adamy,
bu az boldy, döwlet araba bilen,
uçar bilen awlar diýdiler çölde,
guýulary gömer ýa-da zäherlär,
gyrar gelip çaga-çuga, naçary,
gyrdy döwlet, hiç ýalançy etmedi,
emma adam, içde ölmedik ary,
öňe gitdi, saklanmady, durmady,
indi kameralar içerde, daşda,
ýa eliňde telefonyň, seredýär
o birleri o çetinden dünýäniň,
görýär, bilýär näme etseň, etmeseň,
kitap ýaly, her şinelän hyýalyň,
okaýarlar uzaklardan, kim, näme
iýip-içse satyn alyp dükandan,
hem diýýärler gork özüňden, ýalňyşma,
gorkma daşdan pikir-oýuň okandan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024