Iliň hakyky ýüzi
Diňe garyp erkek, görksüz naçarlar
görer diýip iliň hakyky ýüzün,
aýdypdyrlar, haçan, nirde, belli däl,
ynanmak kyn söze, görmese gözüň,
iň gowusy ne garyp bol, ne naçar,
bilme iliň bahasyny hakyky,
bilseň, nyrhy has arzanlar ýa gaçar,
näme diýse diýsin ýüzüňe bakyp,
basyp alan, basyp alnan, kim bolsa,
aýdar sözi, agzyn açsa, daş çykyp.