Näbellilik
Düşünip bilmedim, nämeler boldy,
geplemedi hiç kim, dymyşlyk aldy,
ýa-da ýalan, gitdi gaty köp adam,
garran, ýaşlar, keselledi ýa ýöne,
sessizlige çydap bilmän ýogaldy,
düýn-oňňunam gezip ýören adamlar,
toýa, ýasa gelip ýören adamlar,
näsag soran eşitseler ýol aşyp,
bir görseň ýok, hoşlaşypdyr, gidipdir,
biraz ýatyp, derman-därä ýapyşyp,
ýa hoşlaşman, tarpa-taýyn diýleni,
aýtmadylar, eşitmedik köpüsin,
aýralyk uzady, açyldy ara,
ilki doldy hyryn-dykyn türmeelr,
soň bitmedi, meger, açylan ýara,
pikir edip ýatsaň, göze görünmän,
gelýär biri, ataşgir dek elleri,
gijäniň ýarynda, bogup başlanda,
ýalpa gözüň açyp, görýärsiň ýüzün,
diýýäň, Alla, ýetiş özüň, alawer,
goýmaweri bu gassabyň elinde,
ýetişýär ol, çyra ýakyp görýärsiň,
boýnuňdaky ataşgiriň yzlaryn,
düşünýärsiň düşünmedik zadyňa,
nädip aldy iliň ogul-gyzlaryn,
nädip iýdi munça halky dymyşlyk,
näbellilik, gara gorky, bir-birden,
muny aýtsaň kim düşünjek, kim biljek,
gora, Alla, gutar soňsuz hederden?