Goý, adamlar...

Goý, adamlar pikir etsin,
gürrüň etsin özleriçe,
gybat etsin, töhmet atsyn,
aýdýan diýip hakykaty,
kazy bolsun, garalawçy
döwlet bilen çapar atyn,
aklawçylar azlyk mydam,
ýa-da köp pul islär adam,
goý, köpçülik seni, ony,
öz-özlerin tanamasyn,
ertekiniň, hakykatyň
alsyn diňe bir bölegin,
galsyn şonuň bilen baky,
pylanmyşyn, pismidanmyş,
diýsin, iýsin öz palawyn,
ýa çorbanyň çorbasyny,
çörek bilen, heňli, gatan,
her kim özi öz kalbynda
oba bolar, tutar watan.

Goý, adamlar saňa garşy,
kän gowy däl pikirlerin,
umytlaryn, arzuwlaryn
subut etsin çykyp arşa,
ýa garaşsyn delil boljak,
direg boljak subutnama,
ýa iň bolman gep-gybata,
çatar ýaly işiňe tiz,
sen olara gürrüň berme,
bolanlary, boljaklary,
saňa ýa-da özlerine,
bölme ünsün hiç biriniň,
iň esasy bölme ünsüň,
eden işiň, etmedigiň
aýtjak bolup azap etme,
galar olar öz ornunda,
pikirinde, tutman ütmek
pişe bolar galak ile,
zaýalama sözüň, köplük,
ýa köp bilýän düşmez dile.

Goý, illeriň ýüregini,
beýnisini, bekän ýa çig,
özlerine nesip etsin,
özüň oka, özüň öwren,
wagtyň bolsa, diýme ýitsin,
tana özüň, ýalňyşlaryň
sapak edin, çuňňul guýyň
suwy sowuk, gandyr özüň,
teşnesi bol aklyň diňe,
yza bakma, aýa gözüň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024