Brýus Liniň pelsepesi

Suw ýaly bol, çeýe, ýumşak,
gaty bolsaň, gaýa ýaly,
kyn bor ýele uýgunlaşmak,
kyn bor güne uýgunlaşmak,
durmak, görmek gymmat düşer,
ýa üýtgetmek ugur, ýoluň,
garaýyşyň ýakynyňa,
dostlaryňa, gowy, erbet,
hatda duşman bolanlara,
suw ýaly bol, gahar etme,
ýolda gatap galanlara.

Senem mätäç güýç-kuwwata,
menem mätäç güýç-kuwwata,
olam mätäç güýç-kuwwata,
çydamlylyk gerek mydam,
pikir etme mylaýym suw
gowşak, ejiz diýip asla,
ol ýykanda ýykar gaty,
diýmek, bolsaň suwa meňzeş,
dolup-daşman sähel zada,
hem içerki, hem daşarky,
kuwwatyň bar, güýjüň bardyr,
saklanmaga gerek wagty,
ýa aýgytly karar edip,
goramaga göwher bagty.

Suw guýulsa, ýa-da başga,
çaýmy, çalmy, bir suwuklyk,
käse diýmän, diýmän tüňçe,
pikir etmän hiç, sähelçe,
guýlan ýeri bilen bolar,
küýze bolsa, küýze keşbin,
çanak bolsa, çanak keşbin,
ýa bulguryň keşbin alar,
suw ýaly bol, boşat beýniň,
öte geçen pikirlerden,
ýa-da kemis, müňkürlikden,
bulaşdyrýan aňy-başy,
gürrüňlerden sapla özüň,
gözüň gapýan öwüp gaşy.

Hiç saklanma, durma ürküp,
seret suwa, bolsun niçik,
haýsy ýagdaý, haýsy ahwal,
ýatmaz aňkap, gider geçip,
garşylygy, dagy, daşy,
gara gorpy, sorup ýatan,
ulanar ol tälim üçin,
okuw üçin, mugt däl, gymmat,
almak üçin sapagyny,
suw bol, güýçlen, ýapylanda
aç gazanyň gapagyny.

Hiç saklanma, akar suw dek,
seret, düşün şu günüňe,
her sagada, her minuda,
pikir edip, basyp howuň,
galma geçen bilen gowy,
ýa-da erbet, yssy, sowuk,
gaýgy etme gelejegiň,
gazanmadyk puluň sowup,
ogurlama ömrüň özüň,
suw ýaly bol, ünsüň jemle,
hereket et, çäräňi gör,
bu bir pursat, gaýtalanmaz,
ýolda galma, günde özger.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024