Başga adamlar
Seniň başga diýýän zadyň,
aýdýan zadyň iller hakda,
pikir etme, olary däl,
seniň özüň açar ilki,
ýa olaryň aýdanlary,
diýýänleri saňa daşdan,
seni däl-de, hut olaryň
özlerini eder gülki...
Öňem biri, soralanda,
saýlaýarsyň neden diýip
iň kötelin ýol-ýodanyň,
soranmyşyn barmy diýip,
başga ýoly bu adanyň?..
Adamyňky şeýle, meger,
o diýmeli öz zadyny,
sen diýmeli özge zadyň,
belki, birdir ikisi-de,
ýöne başga onuň ady,
başgarak bor seniň adyň.