Bulgur pelsepesi
Sen olara gynanarsyň,
ejir çekýär ilim diýip,
wah, bükdüler bilin diýip,
ýat illerde, aýly gije,
aýsyz gije ýatyp bilmän,
dik oturyp, oýlanarsyň,
başga ýere göçürilen
agaç ýaly ýüzüň salyp,
olar onda karza girip,
arak içýän wagty alyp.
Sen halkyňa gynanarsyň,
olar saňa gyýylmazlar,
çünki bilmez ýagdaýyny,
ýa bilmedik bolar, aňsat
ýatmak üçin gündiz, gije,
ýa gorkusy gapar gözün,
bir zat diýseň, akyl berer:
'saňa näme, ýuwut sözüň,
aýtma aýtma diýýänlerin,
diý diýlenin, a soň ýylgyr,
besdir, başga zat gerek däl,
tapyp dursaň doly bulgur!'