Ýalan güýmenje
Ýazyp bilýän, aňryk geçen gürrüňden,
gykylykdan, galmagaldan saýlanan,
belki, ýüz ýyl öňe giden ýazmagy,
ýazylany okamagy bilmeýän,
ýa okasa düşünmeýän adamdan,
diplom alyp, ýa diplomsyz, arkaly,
karam oýnap, pully bolan iki gün,
il ýüzüne boljak bolar sarpaly.
Ýazyp bilýän, belki, eklenip bilmän,
gara günde galyp, ýazyp bilmeýän,
ugrun tapyp başlyk bolan bisowat,
bihaýnayň ýazyp berer kitabyn,
öz kitabyn soňa goýup entejik,
häsin berip söz aslyna ýetmejek,
kelte pikir, gara niýet adamyň,
ak köýnekli, uly jaýly, owadan
aýallary bilen gowakda galan,
ýazyp bilýän aňryk gider, ýazmaýan,
başga töhmet atýan güýmenýär ýalan.