Dost hem duşman meselesi
Dostuň bolsa, nirde bolsun, parhy ýok,
Bir obada, bir şäherde, ýa daşda,
Baryp, görüp bolmajak bir ülkede,
Ýa ýürekde ýaşasa, bimahal ölüp,
Ýöne dostuň bolsa, dost bolan bolup,
Ilkinji öwrümde düşüp galmasa,
Maşynyňdan, motoryňdan, tigirden,
Hem yzyňdan daş zyňmasa goşulyp,
Duşmanyňa, özi özüne duşman;
Dostuň bolsa, bir ýa iki, parhy ýok,
Ýöne duşmanyň bolmasa,
Duşmanyň arzyny gaçyrýan hemem
Duşmanyň bolanna etdirýän puşman.
()