Bilesi gelmese

Bilesi gelmese, bilmez adamlar,
göresi gelmese, görmez adamlar,
düşünmez il düşünesi gelmese,
düşündirjek bolsaň aldanýaň diýip,
bahyl ýa-da bozgak borsuň bolmanda,
olar senden akyllydyr kän esse,
gara güýje bakar, akyla bakmaz,
bakmaz millet hiç mantyga, mantysy,
ýa çöregi bolmasa-da saçakda,
döwlet ezse, ezse basyp alanlar,
kaýyldyr ol, sen sözleseň bir ýalan,
sypyrar iki gat ýüzüň derisin,
ýa bir manat süýşürinseň arkaňa,
kireý edip, ýa-da ýazyp boş eser,
gara günüň üçin, bilmezler diýip,
biler olar, gykylyk bor ullakan,
indi gurjak jaýyň ýykjak bolarlar,
gara gylyç jan çekene kaýyla,
limon edip, çaýa sykjak bolarlar,
aýtma muny, gaýtalama, ýanjama,
gazylmadyk ýere dykjak bolarlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024