Ýalan boldy
Ýazyjysy ýalan boldy milletiň,
ýalan boldy şahyrlary, guwanjy,
bagşylary, sazandasy, buýsanjy,
žurnalisti ýalan boldy milletiň,
suratkeşi, heýkeltaraş, kinoçy,
aktýorlar, sahnalaryň bezegi,
alymlary, magaryfçy, ýene kim,
ýalan boldy, talananda ulus il,
at-dereje, baýrak üçin ýaryşyp,
hormatly il ýaşulusy boldular,
at gazanan, altyn zynjyr serpaýy,
dymdy olar, ezijiniň islänin,
eşidesi gelýän sözlerin aýdyp,
gerek sözi, zerur sözün ýuwudyp,
iki-ýeke dogry sözün aýdany,
başga pikir eden, dogany, belki,
taýyn bolup tüýt-müýt edip iýmäge,
ýalan boldy ak halatly lukmanlar,
taýyn bary saga däli diýmäge...