Parahor ýazy

Pity the nation whose people are sheep... Lawrence Ferlinghetti

Haýp özün goramaýan millete,
haýp sözün goramaýan millete,
düşünmeýän öz dilinde gepleseň,
okamaýan ýazylany syýa däl,
gany bilen şehitleriň, kagyzsyz,
diňlemeýän aýdylany aňyrdan,
ýasama sözleri, ýasama sazy,
ýalany diňleýän, göwün islegi
boşluk ýaly, hoşluk ýaly manysyz,
onuň üçin başyn goýan, megerem,
uzak gitmän ýek ýigrener özüni,
görüp, bilip bu dünýäni ezijiň,
zalymlaryň ýykmajagyn gapdaldan
seredip oturan köplük bolmasa,
gymyldysyz, ses-sedasyz, razy,
haýp özün goramaýan millete,
laýyk oňa, belki, parahor ýazy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024