Dat

Sen hemişe hemme zady
aýdyp, diýip bilmersiň, dat,
ýüregiňde galar köp söz,
gowy sözler, aýdylmaly,
guwanjyňy gizlärsiň sen,
gynanjyňy gizlärsiň sen,
çünki dogry düşünmezler,
ýa görerler başga gözden,
gorkyň kän bor pikir etseň,
müňkür bolsaň il-günüňe,
gysarsyň sen özüň çüňke,
kazy ýaly ähli adam,
kazyhana ýaly durmuş,
türmä öwren ýaşaýyşy,
bilip, bilmän, ýa alaçsyz,
goşulma bu ýaman işe,
özüň bilen gürleş bolman,
iç dökmegi edin pişe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024