Arşyň kanuny
Sen ýurduňa yhlasyňy könelen,
ýa süzülen köýnek ýaly çykaryp,
gyra taşlap, täze alyp bilmersiň,
sebäbi ol egniňde däl, beýniňde,
ýüregiňde otyr, ýatyr gyşaryp,
tirsek urup Garaguma, ýassyk dek,
içiňde ol, daşyňda däl, diliňde
nämejik diý, ýa-da diýme, parhy ýok,
sen ýurduňa yhlasyňy ýüzüne,
ur ýa urma, öldürmersiň, kowmarsyň,
bolan bolsa, guýlan bolsa zandyňa,
bu kanuny, belki, ýeriň däl, arşyň.