Käte

Käte näme etjegimi bilemok,
ýazmalymy, okamaly, ýatmaly,
ýa-da diňlemeli gitara sazyn,
ýa jadylap tango bilen ýüregi,
köşetmeli çaga ýaly, düýş gören,
ýa daş çykyp, gezmelimi birsellem,
bu gün maňa näme berer, getirer,
ýa-da alyp gider, çykarar nirden,
nämeler garaşýar, garaşanok ýa,
boljakmy bir üýtgeşiklik, bolmajak,
gaýtalanjak şol bir zatlar, bilemok,
geljek bolýan, dolanýaryn özüme,
emma başga ýana gidýän, gelemok,
besdir diýýän, hiç zat etme gowusy,
ýumurtga çak, ýa-da gowur balyjak,
ýa kömelek bişir, duzlap azajyk,
açda otur gyzyl çakyr çüýşesin,
bulguryňa gaty doldurman guýup,
owurtla az-azdan ýumup gözleriň,
çagyr ata-babaň, ýedi arkaňy,
ýetmiş arkaň, jaýy jennet, Ýaradan,
ýazygym geç, yhlasymy öldürme,
sowatma ilimden, ýurdumdan diýip,
Tejene git hyýalyňda bolmanda...
Käte näme etjegimi bilemok,
il-ulusym ne gün görýär ol ýanda?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024