Urlan millet
Dogduk depäm, ähli depeden beýik,
owadandyň, päkdiň, doýmazdym bakyp,
emma indi, ýuwaş-ýowaş peselip,
ýitip barýan ýaly gözümden akyp,
çeşme ýaly Garagumda bugaran,
ýa bu uzak aýralygyň oýnumy,
ýapylan gapynyň oýnumy, Watan,
ogul-gyzyn şeýle etmelimi har;
ýa gaçýanlar köpelensoň ýyl-ýyldan,
ýa-da gaçjak bolýan bolansoň bizar,
agzyndan ot çykýar çykyp gürläniň,
hemme ýadaw, gaty argyn, ýorulan,
umydy az, sorag köpelýär ilde,
daşyndan däl, içaşyna urulan...