Ýazylmadyk kanun

Olar para bermeseler bolmaýar,
olar para almasalar bolmaýar,
düşewüntli orun, iş gerek hökman,
ogurlyk etmese bolmaýar olar,
gorky ede-ede, hem gaty gorkman,
ýalan sözlemese bolmaýar olar,
käte gizläp, käte göni, aç-açan,
çagalary üçin etmeli muny,
geçirmeli ata-baba däbini
agtyklara, çowluklara üýtgewsiz,
namaz okap, toba edip ýalandan,
bu bir mäkäm diwar, suwlan kemsiz,
jaýryklary görünse-de uzakdan,
tutulanlar gidýär, gutulýar gaçan,
parasyny berip bilse, duzakdan,
wagtyn bilip goranyşyň, hüjümiň,
ýöne köplük mydam kemsinip ölýän,
başlyk bolsaň pully ýokarda uly,
daşyňda köp bolsa ýalançy guluň,
bu bir gowy düzgün, azajyk iýen,
azajyk geýinip saýlanan ilden,
iň bolmanda aýdym aýdyp, tans edip,
güni geçýän biraz gowy, üýtgeşik,
beýlekiden bagtly bolýar, begenýär,
barýan ýaly bagtyň öňüne düşüp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024