Men we meňki keseli
Bu bir söweş, soňlanmajak hiç haçan,
bu bir uruş, belki, ýeňiş mümkin däl,
gara nebsiň garşysynda adamlar,
hala özüniňki, hala başgaňky,
gollaryn galdyryp, çöküp dyzyna
ýaşajak bolýarlar, içinde azlyk
akyl bilen, üşük bilen doglany,
ýumşa iber, yzyndan git oglanyň,
bu bir uruş, soňy gelmejek asla,
güýçler deň däl, emma durmak bolmaýar,
çünki duran uzak diri galmaýar,
ýa çalajan, bary, ýogy deň bolýar,
alynmaýar kän hasaba bolsa-da,
diýmek söweş, işle döwüp kelläňi,
akyl-huşuň men ýa meňki alsa-da...