Sen gaty gör

Sen gaty gör, ýuwaş görme,
ýöne adam pula daňlan,
mala daňlan zynjyr bilen,
dogan bolsun, dostuň bolsun,
ýa keseki, ýedi ýatlar,
ýagdaýyna düşün onuň,
ýagdaýyna düşün munuň,
ursa, arkaň agyrsa-da,
depse, içiň bagyrsa-da,
ýesir alnan adamlardan,
ýa meýletin düşen ýesir,
sen gaty gör, ýuwaş görme,
ýöne bu bir adaty zat,
agyr pikir edip ýörme.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024