Bölünişik oýny
Adamlary bölmek üçin,
bölünen kän, birleşen däl,
ynanmaýan bir-birine,
ynanmaýan özüne has,
üstesine ýeke galan,
ýa gaýyksyz galan deňiz,
ummanynda bu durmuşyň,
kän iş etmek geregem däl,
ýeter goşsaň bir myş-myşy,
bir gybaty diliň bilen,
ýa oýnasaň internetde,
hiç ýalana diýmän ýalan,
otursaň bes, ýok ýalaky;
bir milleti bölmek üçin,
etmek üçin gapma-garşy,
bilmek üçin urman ýykyp,
uly bir zat geregem däl,
ýeter tüsse etseň çala,
çyg agajy oda atyp...