Esasy gep
Robert Frostyň äheňinde
Ýeke-täk ýol geçmek ýoly,
düşelmedik kilim, haly,
ýaýdanmak däl ýol başynda,
gaýgy edip kynçylygyn,
çarkandagyn, gumda goly,
dagy, deňzi, batgalygy,
tokaýlary, ok geçmejek,
esasy gep özüň üçin
ýyldyz bolmak hiç öçmejek.
Ýol her kimiň özüniňki,
ýa-da ýoda, ot gögeren,
ýandak, gyzgan gysan inin,
aslyşsa-da geçilmeli,
hiç garaşman birleriniň
geçerine saňa derek,
bilinýän zat, saýa bagyn,
çapar millet bolsa gerek...
Ýeke-täk ýol geçmek ýoly,
ýaşamak däl yza galyp,
ýola çykan adamlardan,
özüň ýaly, özüňçe ýok,
ýöne barýan öňe günde,
ýurt içinde ýa sürgünde,
hyk-çok etmän, ilden görmän
gabarçagyn aýagynyň,
aýakgabyn aýap, dogry,
ýyrtygyny ýamap, ýaglap,
ýeke-täk ýol geçmek ýoly,
oturmak däl ýolda aglap.
Dogry, köne aýakgabyň,
bagjyklary üzük, ýoluk,
ýukalypdyr aşagy-da,
ýöne ýolda, iliň bilen,
halkyň bilen, uzaklardan
gelýän geçip agyr ýoly,
düşelmedik kilim, haly,
kilimini dokan özi,
halysyny dokan özi,
bedew atly, pyýada däl,
mydam aç däl, bolup maly,
sen öz ýurduň zürýadysyň,
ýorulsaň-da ýolda gaty,
turmalysyň, galman ýatyp,
ýazmalysyň gazalyňy,
çalmalysyň sazyň özüň,
öz gözüňden bakyp dünýä,
başarmasaň başgalaryň
gözün, sözün görüp, aňlap,
düşünmeseň ýalňyşyňa,
kyn bor käte geçen ýoluň
gözelligin görmek, bilmek,
agladar ol, ajy käte,
ýöne mydam gerek gülmek,
üstüň kakyp ýykylaňda,
esasy gep geçmek ýoluň,
şu galmaly akylyňda.