Iliň agzy
Agzyny, burnuny döwdüler iliň,
gögertdiler gözleriniň aşagyn,
gapdylar gulagyn, barmak degirmän,
özüni özünden aldylar onuň,
kaýyl edip, gazyp goýup öňünde
gara töhmet, çuňňur türme çukuryn,
sürgün çukuryny görkezip çala,
ýa gatyrak, näme boldy gidene,
het edene, seret diýip öňüňe,
döwdüler milletiň elin, aýagyn,
döwmän, diýip: Şeýle boldy öň, ine!