Milletiň soňy

Ibn Haldunyň äheňinde

Seni, seniň il-günüňi ýaragly,
ýesir alnan gully müňlerçe, haçan
kimi baryp, çap diýseler çapjak ýa,
at diýseler atyp gaýtjak aç-açan,
adamlary aňyn alyp saklaýan,
ady döwlet, garakçylar topary
ýeňip biler ejiz wagtyň, aam wagtyň,
on müňlerçe ýurt ogluny öldürip,
bir elinde çagalary, beýleki
ellerine gylyç alan gelinler
öldürilip bilner atyp uzakdan,
ýöne bu aňlatmaz hiç bir ulusyň
gutarjagyn, galjakdygyn duzakda,
ýöne, eger, aňy gitse milletiň,
ogurlatsa ruhuny, dilini,
ata-baba taryhyny bilmese,
basyp alan bilen tans edip toýda,
orta çykan bolsa satlyk, pul mesi,
o milletiň soňy daş däl, golaýda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024