Köne galyp
Goý, hakykat bolsun, galsyn ornunda,
ýüzüni, ýeňsesin urma oň daşa,
sary towuk saman seçer, sowurma,
hapa zyňyp, ak bolmarsyň, ýüz ýaşa,
göreşme bolany bolmadyk edip,
yza gaýdyp, gaýrak, ilerik gidip,
adam satan bolsaň, adam satdym diý,
dosty bolup, duz iýişip, aýyp zat,
tohum atan bolsaň, tohum atdym diý,
ýa diý özüm tohum boldum, gömdüler,
emma şine ýaryp çykdym, gülledim,
diý, hakykat näme bolsa, gaýgyrma,
ýa-da seni satan bolsa il-günüň,
özün satan, gorkup ýatan, mugtiýer,
aýt gönüläp, ýalan-ýaşryk gygyrma,
ýa hökümet, ozal adam satdyran,
özüni satdyran müňlerçe merde,
zulum edip, dowul salyp içine,
aýbyň açan bolsa, bozaňsoň ähdiň,
ýa KGB beren sözün tutmasa,
ýa-da toslap, saňa garşy ýalany
hakykat ornunda satsa bazarda,
göreş, düşür nähak çykany dagyň
depesine, kim bolsa-da sylama,
ýöne hakykaty galdyr ýerinde,
gozgama ýa bozjak bolma başganyň
çäkmenini, çokaýyny geýdirip,
pygamberem bolsa adamyň, düşün,
geçmişi bar, ýalňyşy bar ýeterlik,
geljegi bar her asynyň, şükür et,
azda-kände öz hakyňy alypsyň,
düşme aşak, garalama başgany,
ýogsa çykman, şol galypda galypsyň.