Şahyr bolma
Ýok, başarsaň, şahyr bolma hiç haçan,
boljak bolma ganatsyz guş asmanda,
aga-ýana, laçyn bolup dünýäni,
dagy, deňzi bilen gujaklap açýan,
boljak bolma döwet galam syýasyz,
ganyň bilen ýazyp, galdyrma sözüň,
gandyrma gözüňden, teşne ýurduňy,
el bilen çekilen derýa dek, suwy
guma siňen, çöle syzan, bugaran,
şahyr bolma, walla, bolsa, hiç haçan,
gylyçsyz, galkansyz esgeri çynyň,
eger bolsaň, nirä gitseň öňünde
döş gerersiň çüýşä sygmadyk jynyň.