Ýeňlen adam
Gara günde galan adam,
gorky bilen içe salnan,
dogmaz oglan bilen ýaşap,
KGB-den sowgat alnan,
Alla diýýär günde irmän,
başga gepiň gyzygy ýok,
beýik güne garaşýarmyş,
ýagny öljek, dynjak pahyr,
adamlardan hassa bolup,
özi ýaly ýadan, durmuş
durmuş dälmiş, besdir, ýeter,
peýdasy ýok diýýär emiň,
lukman gelse, bolýan beter,
ýa göwnüme, gözleri aç,
soň özümi ýigrenýärin,
diýýän nätsin, olam mätäç
saman bolup galan pula...
Ýeňlen adam bil baglaýar,
öz ýanyna aljak ula.