Bir enäniň perýady

B.A.

Ene diýdi: Ýat illerde, Alla jan,
öz ýüregim gysdyrsaň-da çen-çaksyz,
zürýadyma giňlik eçil, gysganman,
diňe meniň çagama däl, elbetde,
ogul-gyzyn ýat illere ugradan,
ýa içerde egni çöken külpetden,
gije-gündiz gaýgy edip hallaryn,
dileg edýän çaý-naharyň yzyndan,
bütin halka, milletime giňlik ber,
nadyl etme perzendine garaşan,
gözün ýola diken ene-atany,
gora ähli ezileni, gara güýç
garaw görmän, etjegini etmesin,
ynanýaryn, iki gapy ýapylsa,
üçünjini açyp goýýan ýaradan,
ilki saňa ýüzlenýärin her säher,
soňra ata-babam, altmyş arkamy,
ýüz arkamy çagyrýaryn kömege,
tankly, toply zalymlaryň öňünde
ýeke goýma, ýalňyz çüýretme diýip,
ýa türmede, ýa sürgünde, bigünä,
emel kändir, emeldar kän döwletde,
Alla, saňa tabşyrýaryn baryny,
kast eden pes bolsun, elim ýaragly,
ýa gargadyp, aldyrma sen arymy!?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024