Däli problemasy

Hanha, indi çagalaram köçede
däli diýýär diýdi maňa ýaşuly,
Amangelen aga, Şapudak ogly,
agyz suwy üçin göreşen iliň,
ogrulara garşy durup aç-açan,
ýaşulular gelip diýdiler oňa,
taşla ýa dök etekdäki daşlaryň,
bes et ili bulamaňy suw diýip,
göz-başyny gamaşdyrma ýaşlaryň...

Bu söz ozal aýdylypdy Sokrata,
bilinýäni, soň Pyragy, atamyz,
aýdyp-aýdyp, il içinde ne halda,
däli bolup galanyny bilipdi,
emma däli, hakykysy, belki-de,
zynjyrlanyp saklanmaly içerde,
kän her ýerde, il başynyň gowgasy,
ölüm bolýar, açlyk, horluk getirýär,
akly ýetik, görýän, bilýän adamlar
däli, samsyk bolan bolup oturýar,
sesini çykarsa, gitjegin bilip,
sagdygyny bildirenleň jaýyna,
şondan, meger, şükür edýän kän örän
Allaň beren ölmez-ödi paýyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024