Magtymguly derejesi
Diýmek üçin, aýtmak üçin bir zady,
o birisi hakda, dilden düşmeýän,
(pikir etsin bu gün ýanyp-bişmeýän!),
sözi bilen işi galan yzynda,
saýlan ýoly, ýörelgesi, edebi,
hatda gören düýşi galan yzynda,
giden birçak, emma gidip ölmedik,
ýaşap ýören ili bilen asyrlap,
o birisi hakda gürlemek üçin,
ozaly sen düşünmeli azajyk,
näme üçin ýaşaýar ol, ölmeýär?..
Muny hatda galam alyp eline,
elli ýyllap goşgy ýazan bilmeýär,
kyssa ýazan, baýrak alan, at alan,
Pyragynyň adyn göterýän, belki,
sorag berýär: Näme üçin Pyragy
beýik boldy ölüp, biz bolduk gülki?
Sebäbi Pyragy adamdy, oglan,
adam bolup galdy goşgusynda-da,
dil tansyny etmän döwüm nan üçin,
aýdan sözi pygly, pygly – diýeni,
ýürek, beýniň arasynda gerilip,
seniň kibi, meniň kibi, ol kibi,
iki ýüzli ýaşamady, belki-de,
zalymlardan dagdy bolup, galpyldap,
din-imany, kanunlary, kadany,
jübisine salan süriden gorkup,
ölmedi Pyragy ozal, dirikä,
soňra ölüp, berilmeli jan üçin.
Pikir etsin bu gün ýanyp-bişmeýän,
ýa gülküsi tutýan iliň halyna,
diýmek üçin, aýtmak üçin bir zady,
o birisi hakda, dilden düşmeýän,
hatda iň azany gorkuzýan ady,
iki ýüzli, aýdylan söz ýokmaýan,
ykrarsyz däl, biraz bolmaly adam.