Aň ýesirligi
Talanan obanyň oglanjyklary,
Aýagy däl, aňy düşen gapana,
Buýsanç bilen, damagyny dolduryp:
“Atam” diýýär obasyny çapana...
Doýagarna iýip-içeni azdy,
Uludan çykanyn kiçi geýýärdi.
Ýöne TV gije-gündiz gaýtalap:
“Arçyn mamla, çydamaly” diýýärdi.
Başga pikir eden “ogry” ýa “jümri”,
Oba ogrusyny goýmaýar käýäp.
Olar obasyny söýýärdi, ýöne
“Oba” diýmek “arçyn” diýmekdi eýýäm.
“Arçyn” diýmek bolsa “atady”, başga
Söz bolarmy ata ornun tutana?
“Gybatçy”, “işýakmaz” - sorag berýänler,
“Ýol berilmez obasyny satana!”
Arçyn bilen bir bolmadyk itildi,
Işsiz galdy obaň dörtden üçüsi;
Hakyky ogrynyň jümrüler bilen
Daga, düze ýaýrap gitdi geçisi.
Men diýen erkekleň ýoly, ýodasy
Öňünden, yzyndan baglandy elin;
Çagasyna çörek gözläp, kösenip,
Saçyn sübse etdi ýüzlerçe gelin.
Biri ýoldan çykdy, biri kanundan,
Adat boldy girip-çykmak zyndana;
Ýöne çykmak üçin alkyş aýtmaly
Hem arçhyna hemem ony gundana.
Soňra okamaly arçyn “atanyň”
Injilden, Kurandan “eziz” kitabyn;
Okamadyk onda düşmez jennete,
Munda suwsuz galar boýunda ýabyň.
Beýleki obalar ösdi, örňedi,
Arçynyn täzeläp wagtly-wagtynda;
Emma ol ömürlik oturdy, sürdi
Çem gelen döwrany talaň tagtynda.
Ýöne bir gün öldi ýa-da birleri
Kömek etdi oňa mugt kepen geýip,
Öz-özünden boşanmaga, sypmaga,
Öz-özüne diýip başlansoň “beýik”.
Kimi maldan, kimi ilden çykardy,
Tozdurdy obanyň gylla ýarysyn;
Arman şindem “atam” diýip ulalan
Çyn saýýar oň ýalanynyň barysyn.
Talanan obanyň oglanjyklary,
Aýagy däl, aňy düşen gapana,
Bäş ýyl soňam, damagyny dolduryp:
“Atam” diýýär obasyny çapana!
()