Surat

Sada bolma

Olar seniň öýüň, jaýyň,
goş-golamyň alyp biler,
alyp biler maşynyňy,
daçaň bolsa, hezil edip,
talar olar, döwlet bolup,
edip bolmaz näme munda,
ýa nämeler edilmedi,
kanunlaşan ogry, jümri
baky, belki, hiç ölmedi,
ýöne janyň almasalar,
barma gaýdyp, çyksaň birden,
türmesini küýsän ýaly,
ýa ynanyp kanunlara,
gowy diňe okan wagtyň,
sada bolma, bermez olar,
öň gelene ganly tagtyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024