Uly ýoldaky kiçi adam

Uly ýola çyksaň, kiçijik adam
çendan-çakdan kändir, üýşüp, daslyşyp,
biri-birin, diňe seni däl gyssap,
başarsa görkezjek däli, diwana,
öňüňde durarlar, ugrukdyrarlar,
özleriçe, seni hasaplap hassa,
öz ýollaryn görkezerler itekläp,
bize goşul, biz ullakan, biz köplük,
ýöne şunça tölemeli başynda,
paýyn alyp atarmadyk aşyňdan,
tüwiň ýokka, ýa käşiriň, ýagyň ýok,
gysylyp, gysganyp ýoly, ýodany,
biri takwa bolan bolar, ýalançy,
töhmetçidir hakykatda, nebsiniň,
ýalan-ýaşryk şan-şöhradyň ýesiri,
beýlekisi içjek, çekjek, ýaýnajak,
uly adam bolan bolup daşyndan,
uly ýola çyksaň, ozal bilmedik,
görmedik mallaryň görersiň birden,
ýoly baglan süri ýaly, maşynly,
signal berip, çalajadan gitmeli,
uly ýola çyksaň, kiçijik adam,
boýnuňa al, seni ýoldan itmeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024