Durmuş näme?

Düşünmek kyn,
durmuş näme aslynda,
biz näme üçin geldik muňa sürlenip,
topar-topar, tire-taýpa, gutarman,
dawa-jenjel edip, çozup, goranyp,
mukaddesmiş baksaň haýsy tarapdan,
uruş biziň taryhymyz, ýeňiji
ýazýar ony özi islese niçik,
soňra, birden, maý dörese, ejemiz,
kakamyz ýitirip, edýäris pikir,
daň agarýar aňymyzda azajyk,
kinolary, oýunlary, kyssany,
goşgulary, gara gorkyň zürýady,
aýyrýarys, ýuwaş-ýuwaş zyňýarys,
gör, näçe ýyl wagtymyzy ogurlan,
mekdeplerde okadylan kitaplar,
metbugatyň alyp baran söweşi,
ýuwlan beýni, bize ýeten, çeklilip,
ele alyp, kesesinden görýäris,
düşünýäris bilýänimiz az örän,
okamaly kitap sansyz-sajaksyz,
barylmaly menzil uzak çen-çakdan,
iň erbedi, bilýän zadyň köpelse,
için görseň adamlaryň uzakdan,
görülýänin, bilinýänin bilmejek,
dowam etjek oýnan oýnun oglanka,
özüň bilmän, birden tutýarsyň başyň,
düşünmek kyn, durmuş näme aslynda,
pikir etseň, gaty çolarýar daşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024