Eger adam

Eger adam bir özüne ynansa,
Bir özüni bilse ýeriň üstünde,
Bir men diýse hemem diýse başgalar
Meniň uýanyma uýmaly diňe,
Meniň diýenimi diýmeli diňe,
Ýöne hiç diýmese meniň iýenim,
Ýa-da onuň ondan birin
Başgalaram iýmeli,
Ýa diýmese garyp halkyň çagasy
Aýakgap tapmaly geýmäge gyşda,
Okuwa gitmeli hem okamaga
Kän kitap bolmaly meňkiden başga,
Tersine, ýazany taýaklap kowsa,
Özüni öweni sylasa, söýse,
Ol özüne asla ynanýan däldir,
Hem ilinden örän galandyr daşda...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019