Içdäki oglan

Men özümde beýleki bir,
başga pikir-garaýyşly
garagoly basyp aşak,
saklaýaryn gije-gündiz,
diýmesizi diýmez ýaly,
gyzmaz ýaly gyzmala kän,
eger-de men gygyrmasam,
bagyrmasam saçym ütüp,
bu meniň hiç agyrysyz,
ýa ynjysyz oglandygym,
doglandygym kaýyl, ejiz,
maýyl bolup ýagtylyga,
gelen ýerim bolýar diýip,
galan ýerim bolýar diýip,
aňlatmaýar oturjagy
ses-sedasyz, gurjak ýaly,
men özümde basýan aşak,
o bir äri, durjak ýaly,
il öňünde, özün iýýän,
dur diýeni urjak ýaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024